24 Aprel, 2024
Wodorod ýangyçly otly

Golaýda Hytaýyň Çançun şäherindäki ýörite liniýada «CRRC Changke» kompaniýasy tarapyndan wodorod ýangyjy bilen işleýän otlynyň synagy geçirildi. Synaglarda otlynyň tizligi sagatda 160 kilometre ýetdi. Bu barada ýurduň «Sinhua» habarlar gullugy habar berýär. Inženerleriň pikiriçe, bu «demir ýol ulaglary pudagynda wodorod energiýasyndan peýdalanmakda täze öňe gidişlikdir».
Wodorodly otlular bir gezek guýlan ýangyç bilen 800-1000 kilometr aralygy geçip bilýärler. Birnäçe artykmaçlygy bolan wodorod bilen işleýän otlularyň dizel ýangyjyndan tapawutlylykda, zyýanly gazlary goýbermeýärler, şeýle hem sessiz işleýändigi bilen tapawutlanýarlar.
Häzirki wagtda Hytaý wodorod ýangyçly ulaglaryny işjeň ösdürýär. Ýurduň wodorod ýangyçly ýük awtoulaglarynyň, awtobuslaryň, taksileriň we ýeňil ulaglaryň parkyny döretmek baradaky uly maksatnamalary bar. Wodorod ýangyjy bilen işleýän otlular Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy ýaly beýleki ýurtlarda hem synagdan geçirilýär.