18 Aprel, 2024
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek we çaga terbiýesiniň kämil bolmagyny gazanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan we pudak edaralaryndan duşuşyga gatnaşan myhmanlar hem, öz çykyşlarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzy gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy hormatlamak ruhunda terbiýelemek barada täsirli gürrüňler berdiler.
Mundan başga-da, duşuşykda çykyş edenler raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we döwrebap bilimi almagy üçin döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.