18 Aprel, 2024
Foruma gatnaşyjylara söz berýäris
Miroslaw ANTONOWIÇ, Demir ýol hyzmatdaşlygy guramasynyň başlygy:
– Öňi bilen güneşli Türkmenistanyň gülläp ösýän paýtagty Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekillerinň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ýokary derejede guralandygyny belläp geçmek isleýärin. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýetiň möhüm ugru bolan umumadamzat bähbitli demir ýol ulgamyna uly üns berýändiginiň netijesidir.
Forumda oňa gatnaşyjylar demir ýol ulaglarynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, bu ugurda tagallalary birleşdirmek babatda özara pikir alyşdylar. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigtini bellemek, bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, arkalyu ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdiler.
Forumda men öz ýolbaşçylyk edýän guramamyň iş ugurlary barada aýdyp, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara demir ýol we utgaşykly daşamalary ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdim.
Mohammad POODAGN, Merkezi Aziýanyň logistika geňeşçisi:
– Bu günki gün Türkmenistan dünýä ýüzünde halkara forumlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýurdy hökmünde bellidir. Muny dünýä işewürleriniň gatnaşmagynda geçirilen demir ýol ulaglary bolunça forum hem aýdyň tässyk etdi.
Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi sanly ulgama daýanýar. Sanly ulgam öňe gitmegiň baş şerti, özgertmeleriň esasy ugry bolmagy demir ýol düzümine-de öz oňyn täsirini ýetirýär. forumda multimodal üstaşyr geçelgeleri kämilleşdirmek üçin köp maksatlary özünde jemleýän sanly çözgütleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda gymmatly pikirler öňe sürüldi. Bu işler geljekde Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalaryny artdyrmaga, ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.
Forumda demir ýol ulgamynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, düzümiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy we beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wladislaw SIDOROW, Gazagystanyň "SIGIS" kompaniýasyň wekili:
– Biziň kompaniýamyz indi ençeme ýyldan bäri eksport-import, tranzit we beýleki ýük görnüşlerini demir ýol arkaly ugratmak işlerini amala aşyrýar. Forumda bu ugurda işleri geljekda has-da ýaýbaňlandyrmagyň möhüm wezipeleri hakynda pikir alyşdyk.
Halkara derejeli forumyň dürli pursatlarynyň bizde ýatdan çykmajak täsirleri goýandygyny-da aýratyn bellemekçi bolýaryn. Forumyň çäklerinde Arkadag şäherine guralan gezelenç her birimiziň ýadymyzda hemişelik galandyr diýip aýdyp bilerin. Şeýle gözel, tebigy künjekde gurlan täze şäheriň ruhy dünýäsi üýtgeşik.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna guralan gezelenç hem diýseň täsirli boldy. O ýerde bir-birinden owadan, syratly bedewleri synlamak kalbymyzda ýakymly duýgulary oýardy.
Pursatdan peýdalanyp, demir ýol ulaglary edaralarynyň işine bagyşlanyp geçirilen ýokary derejedäki foruma gatnaşmaga döredilen ümmkinçilik üçin Türkmen halkynyö Milli Liderine, hormatly Prezidentine çäksiz hoşallygymy bildirýärin.