8 Aprel, 2024
Garaşsyz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk hyzmatlary üstünlikli durmuşa geçirilýär

Bilşimiz ýaly, şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen üç aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. Ýanwar — mart aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,2 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 164,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 121,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.