20 Awgust, 2026
«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.
Çagalar we ene-atalar üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýãn halkara sergi-ýarmarkasynda döwlet düzümine degişli pudaklar bilen bir hatarda hususy pudaklary, daşary ýurt kompaniýalarynyň pawilýonlary öz ýerini aldylar.Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem sergi-ýarmarkasynda ýer alan pawilýonlaryň arasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň pawilýony has hem özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam edýär.