12 Awgust, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Tähranda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň arasynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigi nygtaldy.
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar deňziniň ekologik meselelerine bagyşlanan döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna aýratyn üns berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň «Awazada» geçirilmeginiň öz wagtynda öňe sürlen möhüm başlangyç bolup, daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmek we Hazar sebitiniň durnukly ösüşini gazanmak boýunça häzirki döwrüň möhüm wezipelerine laýyk gelýändigi bellenildi.
Çäräniň ahyrynda bu möhüm halkara duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi.