16 Ýanwar, 2025
TÄZE KITAP – BEÝIK AKYLDARA BELENT HORMAT

Şu gün, ýagny 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän täze kitabynyň Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryny berkitmekde we halklaryň arasynda medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümlerden ybarat bolan täze kitapda dana şahyryň baý edebi mirasy, parasatly döredijilik mekdebi, Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzündäki belent sarpasy hakynda paýhasly pikirleriň öňe sürülýändigini nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň many-mazmunyny çuňňur öwrenip, giňden wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny beýan edip, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde dabaralandyrmak, söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligini giňden ýaýmak babatdaky taýsyz tagallalary hem-de goldaw-hemaýatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.