10 Dekabr, 2024
Ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy
Şu gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Onda, Ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylaryny we zähmetde tapawutlanan işgärlerini döwlet sylagy bolan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldylar.