12 Iýun, 2024
«Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi

Öňler «Çapar» ady bilen meşhur bolan «Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi, logotipini üýtgetdi hem-de bar bolan funksiýalarynyň sanawyny giňeltdi.
Indi siz «Çapar Pay» goşundysyny şu maksatlar üçin peýdalanyp bilersiňiz:
1. Ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin töleg etmek: ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryny yzarlaň we olaryň tölegini tiz hem amatly usulda geçiriň;
2. Jemagat hojalygy hyzmatlaryna töleg geçirmek: jemagat hojalygy hyzmatlary üçin ýeňil görnüşde töleg ediň;
3. «Belet» hyzmatynyň tölegini tölemek: birnäçe düwmä basyp, «Belet» platformasyndaky hasabyňyzy dolduryň;
4. «Älem» hemra telewideniýesine töleg etmek: «Çapar Pay» goşundysyndan peýdalanyp hasabyňa töleg geçirip, islendik teleýaýlymdan lezzet alyň.
Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna, jemagat hojalygy hyzmatlaryna, «Belet», «Älem» platformalaryna, internete we mobil aragatnaşygyna töleg etmekden başga-da, «Çapar Pay» goşundysynda ýakyn wagtda Türkmenistanyň içerki howa gatnawlarynyň awiapeteklerini satyn almak üçin bölümçe giriziler.
Täzelenmeden soň, «Çapar Pay» mobil goşundysy ulanmak üçin has-da oňaýly we köp funksiýaly boldy. Goşundynyň interfeýsi ýönekeý we düşnüklidir.
«Çapar Pay» goşundysynyň täzelenmesini şu internet dükanlaryndan ýükläp alyň:
1. Google Play we App Store