6 Iýun, 2024
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara köpugurly ylmy maslahata gatnaşdylar. Halkara maslahat «Tehnikada we tehnologiýada matematikanyň usulyýeti», «Kiberfizikanyň ulgamlary: taslamalaşdyrmak we modelirlemek» hem-de «Differensial deňlemeler we olaryň goşundylary» ýaly ugurlary öz içine aldy. Bu barada TASS ýazýar.
Halkara köpugurly ylmy maslahata Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň hem-de beýleki döwletleriň wekilleriniň jemi 100-den gowragy gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bu ylmy öwrenmekde we öwretmekde toplanan tejribeleri birek-birek bilen paýlaşdylar. Şeýle-de matematikany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde hem-de ylmyň bu ugrundaky gözlegler babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda pikir alyşdylar.