24 Maý, 2024
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy «HotCars» portaly düzdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi.
Sanawyň başyny 2010–2015-nji ýyllarda çykarylan Hyundai Elantra kysymly ulaglar çekdi. Ol 1,6 litrlik 132 at güýjüne deň hereketlendirijili bolup, 1,6 million kilometrlik aralygy geçmäge ukyplydyr.
Ikinji orunda Chevrolet Silverado (1988–2002-nji ýyllarda çykarylan) pikaby, üçünji ýerde Ford Super Duty (2011–2016 ýý) ýerleşdi.
Ilkinji bäşlige şeýle-de Toyota Tacoma (2005–2015 ýý) we Porsche 911 Turbo (1973–1989 ýý) girdi.
Sanawda olardan soňra Honda Accord (1990–1993 ýý), Mercedes-Benz E-Class (1993–1996 ýý) we Chevrolet Corvette (1997–2004 ýý) ýerleşýär. Volkswagen Golf (2003–2008 ýý), Nissan Frontier (2005–2007 ýý), Mazda MX-5 (1989–1997 ýý) we Ford Mustang (1964–1973 ýý) olardan biraz pes netije bilen sanawda orun aldy.
https://turkmenportal.com/tm/blog/78402/dunyade-in-ygtybarly-awtoulaglaryn-sanawy-yglan-edildi