Русский
Habarlaşmak

ABATLANAN TEPLOWOZLAR HYZMATDA

Öňden habar berişimiz ýaly, ýagny, abatlanmaga mätäç bolan teplowozlary düýpli bejermek maksady bilen, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen HHR-ň teplowoz öndüriji zawodynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 2024-nji ýylyň aprel aýynda DÝ/AGPJ/04/12/24 belgi bilen şertnama baglaşylypdy. Şol baglaşylan şertnama esasynda, 20 sany   (40 bölek) ýük teplowozlar öndüriji zawod şertlerinde düýpli abatlandy. Mälim bolşy ýaly, şol teplowozlar häzirki wagtda tapgyrlaýyn ýurdumyza gelip gowuşdy.

Düýpli abatlanýan teplowozlaryň kysymy - CKD9C (DF4B); kuwwatlylygy - 2 x 2647 kWt / at güýji 3600-e deňdir.

Abatlanan teplowozlarda şu aşakdaky derwaýys zatlaryň göz öňüne tutulandygyny bellemelidiris:

 

1. Iki bölekli ýük teplowozlarda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, wideo gözegçilik enjamlary ornaşdyrylan.

2. Ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, duýduryjy enjamlar ornaşdyrylan.

3. Teplowozyň dolandyryş kabinasynda enjamlaryň iş görkezijilerini maşinistiň kömekçisiniň hem gözegçilik etmegi üçin goşmaça enjam ornaşdyrylan.

4. Teplowozlaryň gijede, ýagny garaňky wagtynda dolandyrylanda ýagtylandyryş ulgamy güýçlendirilen.

5. Teplowozyň tigir jübüdiniň grebi üçin ýaglaýjy enjam ornaşdyrylan.

6. Teplowozyň dizeliniň ýangyç ulgamyna barýan howany arassalamak üçin goşmaça enjam ornaşdyrylan. 

 

Bu amatlyklaryň abatlanan teplowozlarda ornaşdyrylmagy olaryň uzak möhletleýin hyzmatda boljakdyklarynyň aýdyň güwasidir. Nesip bolsa lokomatiwler ýurdumyzyň demir ýollarynda işlerini üstünlikli dowam ederler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň işi barha pugtalanýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri bu özgerişikler döwletara dost-doganlyk saýasynda amala aşyrylýar. Geljekde hem bu synmaz dostluk, ýakyn syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň has-da berkäp jebisleşjekdigine berk ynanýarys.