“Demirýollary” AGPJ 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her ýolagçynyň pasportyna birikdirilen “Bonus kart”-lary ulanyşa goýberdi. Bonus karty açdyrmak üçin zerur bolan maglumatlary ýolagçy menzillerindäki kassalardan alyp bilersiňiz. Bonus kartyny açdyrmak tölegsiz, ýitirilen ýagdaýynda dikeltmek bolsa tölegli hyzmatlaryň sanawynda.