19 Aprel, 2024
«Hytaýyň demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Baş direktoryň orunbasary, jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaýyň demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleri, kuwwaty, infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatdaky ösüş ugulary bilen tanyşdylar.
Deňiz portunyň hünärmenleri Hytaýyň wekilýetine ýolagçy-parom terminalynyň mümkinçilikleri, hyzmat edilýän gämi gatnaw ugurlary we parom hyzmatlaryny ösdürmegiň gelejegi barada gürrüň berdiler.
Saparyň netijesinde taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hytaýyň wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen ýakyndan tanşyp, onuň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi. Olar portuň amatly geografiki ýerleşişini, häzirki zaman infrastrukturasyny hem-de geljek üçin möhüm bolan ösüş mümkinçiliklerini bellediler.