17 Aprel, 2024
DÝHG agza döwletleriň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň üçünji güni tamamlandy

Aşgabat şäherinde geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň üçünji iş güni hem netijeli häsiýete eýe boldy.
Şu gün ähmiýetli forumda gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary hem-de demir ýol pudagy boýunça beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, şu gün forumyň myhmanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrjak ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Olar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Günüň ahyrynda bolsa foruma gatnaşyjylaryň Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji guraldy.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.