24 Noýabr, 2026
Türkmenistan tutuş ýurt boýunça 4G we 5G aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly gurşawy üpjün etmegi maksat edinýär

Türkmenistan iň uzakda ýerleşýän ilatly ýerleri hem goşmak bilen, ýurduň ähli ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylaryny 4G we 5G standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew 24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Turkmentel – 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edip belledi.
Ministriň sözlerine görä, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlarynyň tutuş ýurt boýunça elýeterliligini üpjün etmek paýtagt bilen sebitleriň arasyndaky sanly deňsizligi aradan aýyrmakda möhüm ädim bolar. Bu maksada ýetmek üçin ýurtda ulag-aragatnaşyk, internet we ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de giňeltmek boýunça iri halkara bäsleşikleri geçirilýär.
Ýurdumyzda içerki ulgamlary döwrebaplaşdyrmak işleri halkara telekommunikasiýa magistrallaryny ösdürmek bilen utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary tizlikli DWDM enjamlarynyň esasynda hereket edýän sekiz sany halkara süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasy arkaly goňşy döwletler bilen birleşdirilendir. Şol bir wagtyň özünde serhetüsti aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça täze iri taslamalar hem işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanda bäşinji nesil (5G) aragatnaşyk ulgamy ilkinji bolup «akylly şäher» Arkadagda işe girizildi. Ministriň bellemegine görä, bu şäher gurşawyny dolandyrmakda we serişdeleri tygşytlamakda döwrebap çözgütleri ornaşdyrmagyň nusgasyna öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistan «akylly şäherleri» taslamak we ulanmak boýunça toplanan tejribesini hyzmatdaşlary bilen paýlaşmaga taýýardyr.