8 Oktýabr, 2026
Russiýanyň Prezidenti iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy diýip, «RİA Nowosti» habar berýär.
8-9-njy oktýabr aralygynda Wladimir Putin GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşar. Çäreleriň ikisi hem Hazaryň gündogar kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Ozal habar berşimiz ýaly, agzalan sammitlere gatnaşmak üçin Türkmenistana Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Belarusyň Prezidentleri, şeýle hem Ermenistanyň Premýer-ministri sapar bilen geldi.