30 Sentýabr, 2026
IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYK

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedow «China State Construction Engineering Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti jenap Peng Şihun bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministr Hytaý wekilini ertir 1-nji oktýabrda bellenilýän Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni — Milli güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda giň gerimli döwlet ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we onuň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny doly açyp görkezmäge aýratyn ähmiýet berýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, biz «China State Construction Engineering Corporation» kompaniýasynyň dünýä derejesindäki çylşyrymly infrastruktura desgalaryny taslamak, maliýeleşdirmek we gurmak babatdaky ägirt uly tejribesine, öňdebaryjy tehniki çözgütlerine hem-de halkara derejesindäki ýokary abraýyna ýokary baha berýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda M.Akmämmedow «China State Construction Engineering Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti jenap Peng Şihuna 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-tranzit geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş — 2026» atly Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga resmi taýdan çagyrýandygyny aýtdy.