21 Sentýabr, 2026
Ildeşlerimiz paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy

Düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň welaýatlaryndan ildeşlerimiziň uly topary geldi. Olar Aşgabadyň demir ýol menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandylar, şeýle hem garşylanyş pursadynda guralan çäreler oňa gatnaşyjylara toý ruhuny bagyşlady. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen ildeşlerimiziň öňünde döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dabara aýratyn ýaraşyk berdi. Umumymilli forumyna gatnaşmak üçin gelen ildeşlerimiz, ilki bilen, döwrebap ýolagçy wagonlarynda rahat gelendiklerini nygtap, guralan çäreler üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Soňra, olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň gözel paýtagtymyza saparynyň çäklerinde medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumy ýatdan çykmajak wakalara beslär.