Parahatçylykda gülläp ösýän ýurdumyz milli Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň Ulag we aragatnaşyk ulgamy ösüş ýoluna düşdi. Muny ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynda durmuşa geçirilen hem-de geçirilýän dünýä nusgalyk işler hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan demir ýol ulgamyny ösdürmek bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda yzygiderli alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn häzirki zaman enjamlarynyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýäniň iň öňdebaryjy demir ýol ulaglaryny öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ulaglaryň maddy-enjamlaýyn düzüminiň ýerli şertlere görä we häzirki zaman tehnikalary esasynda üpjün edilmegine hormatly Prezidentimiz aýratyn üns berýär. Bu ugurda sebitde ulag ulgamynyň arabaglanyşygyny döretmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek bilen bagly işler öz çözgüdini tapýar.
Muňa 13-14-nji maýda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermere beslenen türkmen paýtagtynda, ýagny «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi hem gönüden-göni mysal bolup biler. Bu mejlis oňa gatnaşyjylara özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge giň mümkinçilik berendigini nygtamak ýerliklidir. Sebäbi mejlisiň dowamynda demir ýol ulagy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollarynyň umumy torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini esasy ugur edinýändigini nygtadylar.
Elbetde, gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik
Ýüpek ýolunyň çatrygynda örän amatly ýerleşen Türkmenistan ýurdumyz, bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmäge oňat mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Şeýle-de hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlary bilen halkara ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli ulag ýörelgelerini durmuşa geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp Kararnamalar kabul edildi. Şol Kararnamalaryň esasynda Türkmenistanda, sebitde we Ýewraziýa giňişliginde uly taslamalar durmuşa geçirilip başlandy. Häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli işleri mynasyp derejede dowam etdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Köpşahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň
döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm hem-de wajyp şertleriniň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zaman ulaglar ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän iri möçberli hem-de uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzda hem bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyryp, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.
Türkmenistanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirjek transmilli ulag geçelgeleriniň gurulmagy, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa, häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary hem-de maksatlary bilen şertlendirilýär. Şeýle-de demir ýollaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky mejlis, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ulag meselesi boýunça netijeli gepleşikleriň zerurlygyny tassyklaýandygyny hem bellemelidiris.
Ýene-de bir nygtamaly zatlaryň biri, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan bu ýokary derejeli we möhüm ähmiýetli mejlisiň Türkmenistanda geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň we döredijilikli başlangyçlarynyň halkara guramalary tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Hawa, gurmak, döretmek, bina galdyrmak ata-babalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän durmuş ýörelgesi hem-de asylly däbidir. Heňňamlaryň jümmüşinden gaýdýan ajaýyp jümlelerde: «Ýol çekeniň, köpri guranyň, guýy gazanyň, agaç oturdanyň sogaby bimöçberdir» diýilýär. Bu işleriň netijesinde belent ösüşlere beslenýän türkmen topragynyň ak ýollary dünýä ýurtlaryna uzap, jahan giňişliginde ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, parahatçylygyň we jebisligiň berkemegine ýardam edip, asyrlara ýaň salan Beýik
Ýüpek ýolunyň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň çäksizdigini görkezýär.
Häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmek, ýurdumyzyň yklymyň wajyp üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak möhüm işleriň biridir. Bu işler halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr gatnawlaryň işjeňleşmegine, eksport-import amallarynyň döwrüň talaplaryna laýyk amala aşyrylmagyna giň ýol açýar.
Goý, asudalykda, abadanlykda ösýän Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýan, halkara derejeli şeýle mejlisleriň ýurdumyzda geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt, dünýä ähmiýetli beýik işleri dowamat-dowam bolsun!