Hemmämize mälim bolşy ýaly, 13-14-nji maýda giň gerime eýe bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirildi. Bu halkara derejeli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi, ýurduň işjeň daşary syýasatynyň ornuny we dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça meýdança bolup hyzmat etmäge taýýardygyny tassyklaýar. Şeýle-de halkara maslahatyň çäklerinde II «Ýaş demirýolçular» forumynyň guralmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Halkara maslahaty diňe bir döwlet derejesindäki çäre bolman, eýsem, dünýäniň ösüş ýolunda ýeten derejesini, çözülmeli meselelerini we öňde duran mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen giň mümkinçilik bolup durýar. Onuň gün tertibinde: Geňeşiň 84-nji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi, 2025-nji we 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin demir ýol ulgamynyň dolandyryş işleriniň netijeleri barada; Halkara ýolagçy gatnawlarynda 2025-nji we 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin işiniň görkezijileri barada; 2026 — 2027-nji ýyllar üçin otly gatnawlarynyň tertibi barada; 2025-nji ýylda konteýnerleriň sanyny ýazga almagyň netijeleri barada; 2025-nji we 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin demir ýol edaralarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň ýagdaýy we başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen II «Ýaş demirýolçular» forumynyň guralmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çäräniň dowamynda dürli trenningler guralyp, oňa gatnaşyjy ýaşlaryň ukyp-başarnyklary ýüze çykaryldy. Şonuň bilen baglylykda, interaktiw tagtasynda multimediýa usulynda Beýik Ýüpek ýolunyň kartasy, onuň ugrundaky kerwensaraýlar, ilkinji demir ýollarda wagonlaryň peýda bolşy, hyzmat edip başlamagy bilen jemgyýete ýetiren täsiri, Tūrkmenistanda ilkinji gurlan demir ýollaryň ähmiýeti, şeýle hem ýylsaýyn özgerip, döwrebaplaşyp, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen otlular öňdebaryjy hyzmaty görkezildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we türkmeniň milli tahýasy, şeýle hem nobatdaky mejlisiň jemi boýunça sertifikatlar gowşuryldy.
Ýaş demirýolçular diýlende, ilki bilen olara ylym-bilim berýän, hünär öwredýän bilim ojagy, ýagny Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi göz öňüňde janlanýar. Hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli polat ýollarymyzyň kuwwatyny barha artdyrmak, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkden tutmak, döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem bu ugur boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Biziň orta hünär okuw mekdebimizde 8 sany hünär, ýagny «Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk», «Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak», «Demir ýollaryň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy», «Lokomotiw hojalygy», «Wagon hojalygy», «Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi», «Kompýuter ulgamlary we toplumlary» hem-de «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit» ugurlary boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdebimiziň okuw otaglarynyň hemmesi interaktiw tagtalar, zerur bolan okuw-tehniki enjamlar we okuw mebelleri bilen, şeýle-de 25 sany talyba niýetlenen lingafon, kompýuter otaglary bar. Mekdebimiziň ezber mugallymlarynyň yhlasyndan taplanyp, demir ýol ugrundan bilim alýan talyplarymyzyň geljekde hünärine ökde demirýolçular bolup ýetişjekdigine-de berk ynanýarys.