«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ata Watanymyz ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Ata-babalarymyzdan miras galan geňeş etmek, maslahatlaşmak ýörelgesine häzirki döwürde-de pugta eýerilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinden ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat wokzalynda mähirli garşylandy. Myhmanlary garşylamak dabarasy aýdym-saza beslendi. Dabara ençeme gazet-žurnallaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleridir, žurnalistlar gatnaşdy.
Halk Maslahaty - ýaşulularyň danalylygy bilen ýaşlara ýol görkeziji bolup çykyş edýän, nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän we milli jebisligi pugtalandyrýan gepleşik meýdançasydyr.