Русский
Habarlaşmak

Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu ýerde çykyş edenler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň aň-paýhas, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler barada bellediler.

Çykyşlarda bilim ulgamynda geçen okuw ýylynyň jemleri seljerilip, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlerde bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, şol sanda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini täze derejelere çykarmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny, şeýle hem okuw dersleri boýunça dürli okuw-usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamak, halkara tejribeleriň esasynda pedagogik işgärleri taýýarlamak, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň gurallaryny kämilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn dowam etdirmek babatda çykyşlar edildi.

Şonuň ýaly-da, halkara bilim giňişligindäki maglumat tehnologiýalary babatda gazanylanlar bilen ugurdaşlykda ýurtda sanly bilimi ösdürmek, halkara bilim bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýan zehinli okuwçylary hem-de talyp ýaşlary ýüze çykarmak, täze okuw ýylynda halkara ders olimpiadalarynyň gerimini giňeltmek, ýaşlary ylmy-döredijilik işlere hem-de geljekki hünärlere ugrukdyrmak barada giňişleýin bellenilip geçildi.

Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň, talyp ýaşlaryň dürli bäsleşiklerdir olimpiadalarda we sportda gazanan üstünlikleriniň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.