21-nji awgustda «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkanyň açylyşy bolar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda geçiriler.
Uly göwrümli sergide ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, çagalar üçin harytlarydyr hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýan guramalaryň stendleri hem-de pawilionlary bar. Bu ýerde tematiki ugurlaryň 8-si boýunça önümler we hyzmatlar hödürlener: täze doglan çagalar üçin harytlar; okuw harytlary (kanselýariýa, çagalar mebelleri); çagalar üçin bilim we okuw; oýunjaklar we ösdüriji gurallar; çagalar durmuşynda tans, aýdym-saz we sungat; çagalaryň saglygy we howpsuzlygy; çagalar biliminde innowasion tehnologiýalar; çagalar edebiýaty we okamak.
Sergä gelýänler interaktiw çärelere gatnaşyp, gyzykly tomaşalara, şeýle hem moda sergisine tomaşa edip bilerler.
Elbetde, serginiň kiçijik myhmanlary üçin gyzykly oýunlar, ussatlyk sapaklary, wiktorinalar we ýaryşlar taýýarlandy.
Sergi 23-nji awgusta çenli açyk bolar.
Sergä 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121-nji awtobuslar bilen baryp bilersiňiz.