Русский
Habarlaşmak

Türkmenistan Pakistany Aşgabatda geçiriljek maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň maliýe ministri Muhammet Aurangzeb bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda diplomat Pakistan tarapyny Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna (TIF-2025) gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada «Business Recorder» habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr M.Aurangzeb Pakistanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýandygyny belläp, geçen ýylky geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ähmiýetini nygtady.

A.Möwlamow Pakistany Türkmenistanyň möhüm söwda we maýa goýum hyzmatdaşy, sebitleýin söwda üçin esasy üstaşyr merkezi hökmünde häsiýetlendirdi.

Taraplar energiýa, ulag we gurluşyk pudaklarynda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF-2025) 18-19-njy sentýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.