4 — 8-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) guramagynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl şäherinde kriosfera degişli özara maglumat alyşmak boýunça sebitleýin okuw maslahaty bolup geçdi. Okuw maslahatyna Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan bilim, ylym pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, tebigaty goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenler, alymlar, şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Sebitleýin okuw maslahatyna Türkmenistandan bilim ulgamynyň, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynyň, tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Sebitleýin okuw maslahaty Ählumumy Ekologiýa Gaznasynyň (GEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Durnukly ösüşiň we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň toplumlaýyn usullaryny işläp düzmek üçin garly-buzly ulgamlaryň çygryndaky sebitleýin hyzmatdaşlygyna ýardam bermek ýoly arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak» («Merkezi Aziýada kriosfera üçin taslamasy») atly taslamasynyň çäginde guraldy.
Bu sebitleýin taslama klimatyň esasy şertleri tarapyndan dörän Ýer togalagynyň kriosfera gatlagyndaky buzluklaryň, köp ýylky buzlaryň we gar örtüginiň üýtgemegi bilen baglanyşykly örän wajyp meseleleriniň çözgüdini tapmaklyga gönükdirilendir.
Sebitleýin okuw maslahatynyň dowamynda kriosfera çygrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ulgamynda bar bolan möhüm meseleleriň, ylaýta-da, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de pedagogik işgärleriň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, özara tejribeleri alyşmak boýunça öňde durýan wajyp wezipeleri çözmegiň netijeli ýollaryny işläp düzmek maksady bilen, okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar kiçi toparlara bölünişip işlediler we özara pikir alyşmalary guradylar.
Türkmenistanyň wekiliýet agzalary sebitleýin okuw maslahatynda ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suwy tygşytlaýjy kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitländigi barada okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler.