Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn özgerýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda Ulag we kommunikasiýa ulgamy hem güýçli depginde ösüşlere beslenýär. Bu ugurda diňe ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, halkara derejesinde hem ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge gönükdirilen «Bir guşak —Bir ýol» taslamasy tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen birlikde Hytaý Halk Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha jebisleşdirýär. Dürli ugurlar boýunça ençeme resminamalara gol çekilşip, birnäçe Ylalaşyklar baglaşyldy.
Şu gün, ýagny, 10-13-nji iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao şäherinde Demir ýol hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) ministrler derejesindäki maslahatynyň 52-nji mejlisi geçirilýär. Bu mejlisiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Sebäbi onuň dowamynda täsirli çykyşlara garaşylýar.