7 Iýul, 2024
Emeli aň suwuň mikroskopik hapalanmasyny kesgitlemegi öwrendi

MakGilliň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary suwda nanoplastikany hakyky wagtda ýüze çykarmaga we kesgitlemäge ukyply ilkinji emeli aň (AI) tehnologiýasyny döretdi. «Ylo» atly ylmy-barlag «Environmental Science & Technology» žurnalynda çap edildi.
Mikroplastiki bölejikler 1 mikrometrden 5 millimetre çenli, tüwiniň dänesiniň ululygynda bolýar. Nanoplastika has kiçi - bir nanometr bary-ýogy 0,000001 millimetr. Deňeşdirmek üçin adam saçynyň ini takmynan 80,000-100,000 nanometr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) maglumatlaryna görä, her gün plastmassa doldurylan ulaglaryň takmynan 2000-siniň zyňýan zibili dünýä okeanlaryna, derýa-köllerine ýaramaz täsirini ýetirýär. Nanoplastikanyň ekoulgamlara edýän täsirini öwrenmek, häzirki kesgitlemegiň usullarynyň çäklendirilmegi sebäpli diýseö kyn boldy.
Emeli aňyň kömegi bilen amala aşyrylan täze oýlap tapyş plastiki hapalanmagy hakyky wagt dowamynda derňemek baradaky möhüm meseläni çözýär.
SalamNews Link: https://salamnews.tm/news/blog/emeli-an-suwun-mikroskopik-hapalanmasyny-hem-kesgitlemegi-owrendi-315315