Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ata-Watanymyzda her bir ýyl özüne mynasyp şygary bilen üstünliklere beslenýär. Halkymyzdan gelen teklipler nazarda tutulyp, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi halkymyzda buýsanç duýgularyny döretdi. Ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlik, jebislik asylly maksatlara tarap barýan ýolumyzda bize täze üstünlikleriň, rowaçlyklaryň garaşýandygyny ynandyryjylyk bilen tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parahatsöýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.

Watanymyzyň geljegi, rowaçlygy hem-de gülläp ösüşi üçin ylmyň soňky gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany dünýäniň ykdysady hem-de senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe möhüm işler durmuşa geçirilýär. Agzybirligi, jebisligi rowaçlyklaryň başy hasaplaýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Täze ýyla syýasy, ykdysady, medeni ynsanperwer ugurlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler bilen gadam basdy.

Ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmäge goşan goşandyny, Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, ýaş nesli eziz Diýarymyza uly buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen yglan edilen şanly ýylymyza üstünlikler ýar bolsun! “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýyly hem täze üstünlikler bilen şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalaryna ýazylsyn!