Resmi habarlar
31 Ýanwar 2019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine şol agentligiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasyna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligine şol agentligiň Aşgabat ýol we desgalar edarasyna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.