Res­mi ha­bar­lar
01 Awgust 2018

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­riň tä­ze dö­re­dil­ýän ki­nos­se­na­ri­ler­de, pýe­sa­lar­da, ro­man­lar­da, po­west­ler­de, iri göw­rüm­li poe­ma­lar­da çe­per be­ýan edi­li­şi­ni hem-de ola­ryň kä­mil ma­ny-maz­mun­ly bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da mü­di­mi­lik yz gal­dy­ran be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly keş­bi­ni ebe­di­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­niň ru­hy-me­de­ni keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek, şeý­le hem gel­jek­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da go­ýul­jak heý­kel­le­ri, ýer­leş­di­ril­jek port­ret­le­ri se­çip al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da:

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky ki­nos­se­na­ri­le­riň, pýe­sa­la­ryň, ro­man­la­ryň, po­west­le­riň, iri göw­rüm­li poe­ma­la­ryň çe­per­çi­lik de­re­je­si­ni kes­git­le­mek ba­ra­da­ky döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi;

Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da heý­kel­le­ri go­ýul­jak şah­sy­ýet­le­riň sa­na­wy­ny kes­git­le­mek we go­ýul­jak heý­kel­le­ri se­çip al­mak bo­ýun­ça döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi;

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň Ýa­dy­gär­lik­le­riň, heý­kel­le­riň, şä­her­ler­de, kö­çe­ler­de, bi­na­lar­da hem-de beý­le­ki ýer­ler­de ýer­leş­di­ril­ýän port­ret­le­riň hi­li­niň, çe­per­çi­li­gi­niň, öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň, asyl nus­ga­sy­na la­ýyk­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän bi­ler­men­ler ge­ňe­şi­niň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak, ulag top­lu­my­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, üs­ta­şyr ýük­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi” açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mä­ge esas­lan­dy­ry­jy­lar hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 35 gö­te­rim, Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 10 gö­te­rim, Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim, “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim, De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 10 gö­te­rim hem-de Döw­let äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim möç­ber­de paý­ly gat­naş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­ne “Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi” açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň bel­le­nen ter­tip­de döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy­ny üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

“Aw­to­mo­bil ula­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, da­şal­ýan howp­ly ýük­le­riň aw­tou­lag­da howp­suz da­şal­ma­gy­ny, ýük­len­me­gi­ni we dü­şü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da howp­ly ýük­le­ri aw­tou­lag­da da­şa­ma­gyň düz­gün­le­ri hem-de Türk­me­nis­tan­da aw­tou­lag­da da­şa­ma­ga rug­sat ber­len howp­ly ýük­le­riň sa­na­wy tas­syk­la­nyl­dy.

Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de şu ka­rar­dan ge­lip çyk­ýan üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri bir aý möh­let­de taý­ýar­la­mak we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.