Ýollar ýola birigýär
11 February 2019

 

Berkarar döwletimiziň üstünlikli ösüşleriniň aýrylmaz bölegi bolan döwrebap ulag düzümini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli ykdysady ösüşlerimizde, ýurtlar arasyndaky ykdysady gatnaşyklarymyzda-da möhüm bolan awtoulag ýol gurluşygy ýurdumyzyň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik gerim bilen amala aşyrylýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynyň 11-ne geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabatyň berilmegi-de biziň ýokarky aýdanlarymyzyň hakykatdan daşda däldigine doly şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu taslamany amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň «Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda» Kararyň taslamasyna gol çekmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.

Ýeri gelen-de häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda güneşli Diýarymyzda halkara awtomobil ýollaryny gurmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýandygyny bellemelidiris. Hususanda Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap halkara ulag ýollary bilen birlikde, döwrebap uzyn hem-de aýlawly ýollaryň, köprülerdir estakadalaryň gurluşyklaryny alyp barmak boýunça hem degişli kärhanalaryň önjeýli zähmeti bilen üstünlikli işleri ýerine ýetirýär. Munuň hem düýp sebäbi Bitarap ýurdumyzda gurulýan ähli desgalaryň, şonuň bilen birlikde-de döwrebap ýol gurluşygynyň hünärmenlerine bildirilýän esasy talap işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýan berk binýatly täze ýollar, köprüler, geçelgeler, nesip bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat eder.

Milli Liderimiziň adyl başlangyçlary esasynda başy başlanjak bu taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabardyr. Döwrebap, dünýä hil ülňülerine kybap guruljak awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Taslamany birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak boýunça pudagyň ýolbaşçylary tarapyndan teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu taslama türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklar üçin örän ähmiýetlidir we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr. Hut şunuň üçin hem durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileri işjeň gatnaşdyrylýar. Bitarap ýurdumyzyň çäginde gurulýan halkara awtoulag ýollary Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýän üstaşyr ýollary ösdürmek üçin oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli çözgütleriň biri bolup çykyş edýär. Ýollaryň giň möçberli gurluşygy welaýatlarymyzyň ählisinde täze iş orunlaryny döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr daşary ýurt awtoulag gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga, hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Mejlisde milli Liderimiziň nygtaýyşy ýaly, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barýan Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk hem özüniň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu babatda hoşniýetli Bitarap ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligi amala aşyrylmagy, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Şu ýerde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini («Lapis Lazuli») döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga» laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinden gaýdan ilkinji ýük kerweniniň Turgundy menzilinden biziň döwletimize gelip, ýurdumyzyň çäginden geçendigini ýatlamak has-da ýakymly.  Mälim bolşy ýaly, bu ýükler ýurdumyzyň çägi boýunça geçip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä tarap ugradyldy. Şoňa görä-de, bu ilkinji gatnaw aýratyn ähmiýetli waka hem-de köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýüregi bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hawa, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň goldaw hemaýat bermeginiň netijesinde türkmen ýol gurluşykçylarynyň gujurly gollary bilen gurlup ulanmaga berilýän, durky täzelenýän ajaýyp şaýollara, köprülere, aýlawly köprülere, ýerasty geçelgelere, garaýollara nazaryň düşenden göwün guşuňy ganatlanýar. Ol desgalaryň dünýä ülňülerine laýyk, gözegelüwli, milli öwüşginler bilen gurlup, ajaýyp keşbe girmegi has-da bellärliklidir. Ol ýollary synlaýan wagtyň şeýle sogaply işlere giň ýol açyp, badalga berýän mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarsyň.

Hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn ýardam bermegi bilen rowaçlyga eýe bolýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň umumy düzüminde saldamly orun tutýan ulag aragatnaşyk düzüminiň işiniň has-da ilerlemegini dileg edýärsiň.