Ýollaryň nuranalygy
10 February 2019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda demir ýol ulaglary pudagy hem düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Döwrüň talabyna laýyk gelýän köpugurly halkara ulag geçelgelerini döretmek hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup duryar. Şoňa göra-de, milli Liderimiziň başlangyjy bilen täze demir ýollary gurmak, demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesinde gurlan “Polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa” zawodyna barýan eltiji 52 km-den ybarat bolan demir ýoly uly üstünlikler bilen guruldy. 2018-njy ýylyň noýabr aýynda  goňşy Owganystan döwletinde ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Akina demir ýolunyň 10 kilometrlik giňeldilen şahasynyň gurluşygyna badalga berildi hem-de şol ýoluň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem pudakda ýokary derejede hyzmat etmegi gurnamak we geljekde demir ýoluň düşewüntli bolmagyny üpjün etmek, ýükleri barmaly ýerine has amatly möhletlerde, howpsuz we tiz eltmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we ilatynyň demir ýol gatnawlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, şeýle hem demir ýollary ýokary tizlikli howpsuz işlemegini üpjün etmek wezipelerinden ugur alyp, ministrligimiz Ýol hojalygy pudagynyň agzybir işgärleri tarapyndan ýurdumyzda üznüksiz otly gatnawlaryny amala aşyrýar. Muňa mysal edip, 2018-nji ýylyda ministrligiň Ýol hojalygy bölüminiň garamagyndaky Ýol maşyn kärhanalary (Daşoguz, Mary, Serdar) tarapyndan jemi 52 km 600 metr demir ýoly düýpli abatlamak işleri, goňşy Owganystan döwletinde Turgundy demir ýol menzilinde 13 km demir ýoly we 27 sany demir ýol geçirjileri täze guruldy. Ýol we desgalar edaralary tarapyndan ýolagçy we ýük otlularyň howpsuz we endigan hereketini üpjün etmek maksady bilen gündelik bejergi işleri 68 km 300 metr, göterim bejergi işleri 61km, demir ýol geçelgeleri düýpli abatlamak işleri 25 sany geçelgeleri, demir ýol köprüleri düýpli bejermek işleri 20 sany köprüleri amala aşyryldy, 2018-nji ýylda goňşy Özbegistan respublikasynda jemi 100 sany çelek wagonlaryň ulanyş möhletini uzaltmak bilen düýpli abatlamak işleri geçirildi we ýurdumyza gelip gowuşdy hem-de ulanylmaga berildi.

Ýolagçylaryň sanynyň  artýanlygy  sebäpli ýurdymyzda ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we raýatlarymyzyň demir ýol ulaglarynda gatnawa bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýolagçy otlularynyň gatnawlarynda tassyklanan tertibinden başga-da goşmaça ýolagçy otlularyň gatnawy ýola goýulýar.

Hut şu nukdaýnazardan, bu gurluşyklaryň durmuşa geçirilmegi ählumumy rowaçlygyň, ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiň bähbidine işjeň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny alamatlandyrýan, sebitiň döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ýagdaýdygyny bellemelidiris.

         Şeýlelik-de, Türkmenistan «polat ýollary» arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde parahatçylygyň we ynsanperwerligiň möhüm ähmiýetli merkezine öwrüldi. Bu işleriň sakasynda duran we ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokary derejelere çykarmak ugrunda dyngysyz zähmet çekyän Hormatly Prezidentimize bu günki gün tutuş dünýä guwanýar, alkyşlayar, ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösmegi ugrunda yzygiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!